Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: Putin YD-nyň ugruna çykmaly


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Orsýetiň strategiki karar edip, Damaskdaky hökümete garşy uruşýan aram oppozisiýa güýçleriniň däl-de, «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň ugruna çykmalydygyny aýtdy.

Prezident Obama 22-nji noýabrda Malaýziýada guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, rus prezidenti Wladimir Putini ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň deňine galmaga çagyrdy.

Ol «Yslam döwleti» toparynyň geçen aý rus ýolagçy uçaryny ýykyp, 224 adamy öldürmekde aýyplanandygyny hem sözüne goşdy.

«Putiniň rus raýatlaryny öldüren adamlaryň ugruna çykmagy gerek» diýip, Obama aýtdy.

XS
SM
MD
LG