Eýranda bir täsirli ruhany işleýän aýallaryň köpelmegini tankytlap, muny prezident Hassan Rohaniniň ýöredýän syýasatyndan görýändigini aýtdy.
"Näme üçin adamlar hemişe aýallar işlemeli diýip aýak depýärler, ýogsa biziň işsiz erkeklerimizem juda kän» diýip, merkezi Isfihan şäheriniň tanymal ruhanysy aýatolla Seýýed Ýusef Tabatabai-Nejad aýtdy.
Yslam ýurdunda erkekler aýallary eklemeli we başga çäre ýok diýip, ol Eýranyň mediasynda 5-nji dekabrda sitirlenen sözlerinde aýdýar.
Ol prezidenti aýallary öňe çykarmak, şol sanda syýasata hem hyjuwlandyrmak syýasatyny alyp barmakda günäledi.
Işleýän aýallar gaşsyzlyk gazandy we bu ýagdaý aýrylyşmak derejesiniň ýokarlanmagyna getirdi diýip, Tabatabai-Nejad aýtdy.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok