Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda güýçli ýer titreme boldy


7-nji dekabrda Täjigistanyň az ilatly daglyk regionynda güýçli ýer titreme boldy.

Birleşen Ştatlaryň Geologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, ýer titreme 7,2 bal derejesinde bolup, onuň episentri täjik paýtagty Duşenbäniň 345 kilometr gündogarynda bolupdyr.

Bu sebitde adam ýitgisiniň bolandygy barada henize çenli maglumat berilmeýär.

Birleşen Ştatlaryň Geologiýa gullugynyň maglumatynda ýer titremäniň hindi paýtagty Nýu-Deliden, şeýle-de Owganystandan we Pakistandan hem duýulandygy mälim edilýär.

XS
SM
MD
LG