Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ siriýaly harbylary Orsýet öldürdi diýýär


ABŞ-nyň resmileri öz ýurdunyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýasynyň howa zarbalarynyň däl-de, orsýet bombalarynyň Siriýanyň gündogarynda hökümet güýçlerini öldürendigini aýdýarlar.

7-nji dekabrda Siriýa hökümet goşunynyň Deir Al-Zor welaýatyndaky lagerini oka tutup, üç esgeri öldürmekde we 13 esgeri ýaralamakda “Yslam döwleti” toparyna garşy göreşýän ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýany aýyplady.

Emma ABŞ-nyň harby resmileri radar suratlarynyň zarbalaryň Orsýetiň Demirgazyk Ossetiýadaky Mozdok harby bazasynda ýerleşdirilen 12 sany TU-22M3 bombalaýjy uçary tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdylar.

Metbugat-wekili polkownik Stewe Warren koalisiýanyň 6-njy dekabrda agzalan giňişlikde amala aşyran zarbalarynyň goşunyň bazasyndan 100 çemesi kilometr uzaklykda ýerleşýän nebit ýatagyna gönükdirilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG