Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Oppozisiýa lideri tussag edildi


Azerbaýjanyň “Halk fronty partiýasynyň” başlygynyň orunbasary Fuad Gahramanli, Baku, 2011
Azerbaýjanyň “Halk fronty partiýasynyň” başlygynyň orunbasary Fuad Gahramanli, Baku, 2011

Azerbaýjanyň oppozisiýasynyň “Halk fronty partiýasynyň” başlygynyň orunbasary Fuad Gahramanli geçen aýda paýtagtyň eteginde geçirilen adam pidaly howpsuzlyk çäresi bilen baglanyşykda Bakuda tussag edildi.

8-nji dekabrda agşam Bakunyň Nasimi etrabynyň sudy Gahramanlini deslapky tussaglyga höküm etmek barada karar çykardy.

Gahramanliniň aklawçysy Fahraddin Mehdiýew öz müşderisiniň köpçüligiň öňünde hökümet agdarylyşygyna çagyrmak we etnik, dini hem sosial ýigrenji tutaşdyrmak bilen bagly aýyplamalar esasynda suda çekilendigini aýtdy.

Mehdiýew Gahramanliniň tussag edilmeginiň onuň Facebookdaky öz sahypasynda ýakynda Nardaran obasynda dini ekstremistler bolmakda güman edilýänlere garşy geçirilen howpsuzlyk çäreleri barada maglumat çap etmegi bilen bagly bolandygyny aýtdy. 26-njy dekabrda geçirilen howpsuzlyk çärelerinde ýedi adam, şol sanda iki polisiýa ofiseri öldürilipdi.

Gahramanli özüniň bigünädigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG