ABŞ-nyň Georgia ştatynda howa güýçleriniň bazasynda türgenleşikden geçen iki owganystanly ýitirim boldy, diýip harbylar 8-nji dekabrda aýtdy.
Habar berilişine görä, ýitirim bolan harbylar Harby howa güýçleriniň 81-nji söweş eskadronynyň düzüminde Moody howa bazasynda türgenleşikden geçipdir.
Olaryň harby howa bazasyndan 2015-nji ýylyň fewral aýyndan bäri bolandygy bellenýär.
2014-nji ýylyň sentýabr aýynda üç owgan harbysy Massaçusetts ştatynda (Cape Cod) geçen türgenleşikleriniň dowamynda ýitirim bolupdy. Olar yzýany Kanada geçmäge synanyşanlarynda tapylypdy. Resmiler bu uç harbynyň Owganystana dolanmak islemändigini aýdypdy.