Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Howa maslahaty bir gün artyk dowam eder


Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius howanyň maýlamagy boýunça halkara derejesinde geçirilýän maslahatyň bar bolan gapma-garşylyklary aradan aýyrmak üçin ýene bir günlük uzaldylýandygyny aýtdy.

Fabius 12-nji dekabrda irden barlyşykly mazmunly ylalaşygy hödürlejekdigini aýdyp, onuň makullanmagyna umyt baglapdy.

Birleşen Milletler guramasynyň Howamyň üýtgemegi boýunça 195 ýurduň gatnaşmagynda geçirilýän konferensiýasynyň 11-nji dekabrda öz işini tamamlamagyna garaşylypdy.

Geçen gije geçirilen gepleşikler kömür-turşy gazlaryň möçberini çäklendirmek boýunça çäreler boýunça garyp we baý ýurtlaryň arasyndaky deňagramlylygy saklamak meselesiniň daşynda gapma-garşylyklaryň dowam edýändigini görkezdi.

XS
SM
MD
LG