Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Oppozisiýa hökümet bilen gepleşige taýýar


Siriýanyň oppozision toparlarynyň aglabasy indiki aýda hökümet bilen duşuşyk geçirip, soňky bäş ýylyň dowamyndaky graždan uruşyndan çykalga tapmak meselesini maslahat etmäge razylyk berdi.

Saud Arabystanynyň araçylygynda iki günläp dowam eden gepleşiklerden soň prezident Başar al-Assada tarapdar dünýewi syýasatçylardan başlap, aşa yslamçy gozgalaňçylara çenli 100-den gowrak wekil indiki aýyň başynda Assadyň hökümeti bilen parahatçylyk ugurndaky gepleşiklere taýýarlyk görüp başlamaga razy boldular, diýip konferensiýanyň Saud arabystanly ýolbaşçysy 11-nji dekabrda aýtdy.

ABŞ ylalaşyga gelinmegini makullap çykyş etdi. Döwlet sekretary Jon Kerry bu wakany Siriýada parahatçylyga tarap “möhüm ädim” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG