Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Woronež: Ýangynda 23 adam öldi


Orsýetiň Woronež sebitindäki psihonewrologiki hassahanada bolan ýangynda 23 adam öldi diýip, regionyň adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 13-nji dekabrda aýtdy.

Moskwanyň günortasyndaky Alferowka obasynda bolan ýangyn ýerinden 19 adamyň jesedi tapyldy, iki adam bolsa hassahanada öldi diýip, RIA Nowosti habar berdi.

Elektrik näsazlygy sebäpli turandygy çaklanylýan ýangyn birnäçe sagatdan soň öçürildi.

Hökümet bu iş boýunça derňew açdy.

Azyndan 22 adam hassahana ýerleşdirildi. Olaryň hemmesiniň agyr ýagdaýdadygy aýdylýar.

Ýangyn bolan ýerde 140 hassa saklanylýan eken.

XS
SM
MD
LG