Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan 3400 jeňçini öldürdi


Pakistan goşuny soňky 18 aýda terrora garşy alnyp barylýan uruşda 3400 jeňçini öldürendigini aýdýar.

Goşunyň sözçüsi, general-leýtenant Asim Saleem Bajwa 12-nji dekabrda çap edilen beýanatda 2014-nji ýylyň iýunyndan bäri geçen döwürde, Demirgazyk Waziristanda, Owganystan bilen serhetdeş tire sebitinde başlanan operasiýalar mahalynda 488 sany howpsuzlyk işgäriniň hem öldürilendigini, 1914 howpsuzlyk işgäriniň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Beýanatda terrorçylaryň ulanýan 837 bukusynyň weýran edilendigi hem habar berilýär.

XS
SM
MD
LG