Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Toýdan soňky hakykat


Kitaplar.
Kitaplar.

Alyşir Nowaýynyň bir kytgasy barada

Musulman äleminiň mübärek Remezan aýy tamam bolup, uly baýram başlanypdyr.

Baýram mynasybetli Horasanyň hökümdary soltan Hüseýin Baýkara dabaraly oturylyşyk gurapdyr.

Zyýapata çagyrylan wezirler hem hanlar ýeke-ýekeden soltanyň alnyna baryp, baýramy mübärekläp, onuň şanyna tarypnama aýdyp, soňra saçak başyna geçýärler. Gezek beýik akyldar Alyşir Nowaýa ýetýär.

Ol soltanyň öňünde tagzym edip, belent başyny egýär. Ýöne soltanyň ýüzünden, özüniň bir sözler aýtmalydygyny-da aňlaýar.

– Soltanym, sen örän asylly ynsan. Sebäbi seniň ata-babaň ýokary derejeli, asylzada adamlar bolupdy. Sen beýik akyldar adam. Bu uly ýurt, tutuş Horasan seniň paýhasyň bilen dolanýar hem gülläp ösýär. Sen bu dünýäde deňsiz-taýsyz ynsan. Saňa taý geljek entek doglanok. Sen Ýaradanyň bize beren peşgeşisiň. Sen il-günüň bagty üçin doglupsyň.

Soltan Hüseýiniň ýüzünde kanagatlanma alamatyny gören Mir Alyşir Nowaýy yzda garaşyp durana nobat berýär.

Şahyr zyýapat saçagynyň başyna geçýär. Soltanyň bol saçagyndan hiç zat iýip hem, içibem bilmeýär. Sebäbi agyzdan çykan sözler onuň bokurdagyna tegek bolup durupdyr. Ol muny içine siňdirip bilmändir.

Soltanyň zyýapatyndan dolanyp, öýüne gelen şahyr galamyny eline alyp, agyr oýa batypdyr. Hökümdara aýdan sözlerini bir-bir ýatlady.

Birdenkä, onuň hyýalynda dört setir kytga – gysga bir bent peýda bolupdyr.

Şahyr Kerim Gurbannepesiň terjimesinde, ol kytganyň mazmuny şeýle.

Sen asylly adam. Akyldar adam.

Deňsiz-taýsyz adam. Il üçin doglan.

Seret, bary-ýogy iki setirde

Sen hakda sözledim dört sany ýalan.

Şahyr ýüreginde duran hakykaty aýan edipdir. Şeýlelikde, beýik ussat söz hem hat arasyna Galam bilen serhet çekipdir.

Dil her sözi aýdyp biler, kagyzyň ýüzüne diňe Hakykat ýazylýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG