Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

40 ýylda bir gözel seçildi


Yragyň 1972-nji ýyldan bäri ilkinji gezek geçirilen gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi kesgitlendi.

Yrak gözeli öz täze işiniň Yragyň zorluk we terror mahalynda hem gözellik we medeniýet ýurdy bolup galýandygyny görkezmekden ybaratdygyny aýdýar.

20 ýaşyndaky Şeýma Kassim 19-njy dekabr güni giçlik, Bagdat myhmanhanasynda berk howpsuzlyk şertlerinde geçirilen konkursyň ýeňijisi diýlip yglan edildi.

Kerkukly ykdysatçy student dokuz dalaşgäriň arasyndan öňe saýlandy.

Bu çärede ne spirtli içgi, ne-de suwa düşülýän eşikli bäsleşik boldy. Kassim magaryf inisiatiwalary, hususan-da konflikt zerarly ýaşaýan ýerinden göçürilen ýaşlaryň bilim almagy barada tagalla etjekdigini aýtdy.

Bu çäre hökümetden aýry fond, Al-Mada media, medeniýet we maglumat guramasy tarapyndan gurnaldy.

XS
SM
MD
LG