Gürjüstanyň häkimiýet başyndaky “Gürjüstanyň arzuwy” atly koalisiýasy indiki hökümet baştutany wezipesine Giorgi Kwirikaşwilini öňe sürer, diýip koalisiýanyň baş kanun çykaryjysy 24-nji dekabrda aýtdy.
48 ýaşly Kwirikaşwiliniň premýer-ministr wezipesine koalisiýanyň dalaşgäri hökmünde 25-nji dekabrda yglan edilmegine garaşylýar. Onuň kandidaturasy parlament tarapyndan tassyklanýança hökümeti 23-nji dekabrda wezipeden çekilýändigini yglan eden premýer-ministri Irakli Garibaşwili dolandyrar, diýip Gia Wolski aýtdy.
Wolski häkimiýet başyndaky koalisiýanyň parlamentiň düzümine girýän iň uly partiýasyna ýolbaşçylyk edýär.
Kwirikaşwili dört potensial dalaşgäriň arasynda saýlandy. Ol 2015-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri daşary işler ministri wezipesinde işledi, mundan ozal ykdysadyýet ministri boldy.