Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan generaly Kabulda gepleşik geçirdi


Prezident Aşraf Gani general Rahil Şarif bilen
Prezident Aşraf Gani general Rahil Şarif bilen

Pakistanyň goşun başlygy Kabulda ýokary derejeli owgan resmileri bilen gepleşdi, bu gepleşikler owgan hökümeti bilen «Talyban» ekstremist toparynyň arasyndaky gepleşikleri dikeltmek tagallasynyň çäginde geçirildi.

General Rahil Şarif 27-nji dekabrda Kabulda owgan prezidenti Aşraf Gani, baş ýerine ýetiriji ofiser Abdulla Abdulla bilen duşuşdy.

Abdullanyň sözçüsiniň orunbasary Jawed Faisal Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna resmileriň owgan parahatçylyk progresi, özara bähbitler we howpsuzlyk barada maslahat edendiklerini aýtdy.

Ol gepleşikleriň netijeli bolandygyny aýtdy, emma jikme-jiklikleri açmady.

Pakistanyň harby sözçüsi, general leýtenant Asim Salim Bajwa biraz öň general Rahil Şarifiň Owganystana has gowy serhet goragyny üpjün etmek we owgan parahatçylyk prosesini maslahatlaşmak üçin «çyn ýürekden we optimizm» bilen gidýändigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG