Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Meşhur žurnaliste iş kesildi


Rauf Mirkadirowyň suduň geçýän jaýynyň daşynda, Baku
Rauf Mirkadirowyň suduň geçýän jaýynyň daşynda, Baku

Azerbaýjanyň häkimiýetleri meşhur azerbaýjanly žurnalisti 'duşmançylykly Ermenistanyň peýdasyna' içalyçylyk etmekde aýyplap, alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdiler.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar bu hereketi syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrýarlar.

Rauf Mirkadirowyň aklawçysy Fuad Agaýew žurnalistiň özüne ýöňkelen aýyplamalary “syýasy sebäplere bagly diýip ret edýändigini” aýtdy.

Baş prokuratura Mirkadirowyň “Ermenistanyň gizlin gulluklary tarapyndan 2008-nji ýylda hakyna tutulyp, Ermenistany Azerbaýjanyň döwlet syrlary bilen üpjün edendigini aýtdy.

54 ýaşly Mirkadirow Azerbaýjanda rus diline çap bolan “Zerkalo”gazetinde habarçy bolup işläpdi.

Ol geçen ýylda Türkiýeden deportasiýa edilenden soň Bakuda tussag bolupdy. Onuň tussaglygy adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary tarapyndan giň derejede tankyt edilipdi.

“Human Rights Watch” gurmasy Mirkadirowyň “öz açyk maglumatlary üçin jezalandyrylandygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG