Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi Ýaroslawl regionynda bolan ýangynda alty adamyň, şol sanda üç ýaşly we ondan hem ýaş dört çaganyň wepat bolandygyny aýdýar.
Ýangyn 2-nji ýanwar gijesi, Pesoçnoe obasynda, 100 ýyl ozal gurlan jaýda turupdyr.
Onda ýaşaýan 20-den gowrak adam ýangyn zerarly öýsüz galdy.
Häkimiýetler ýangynyň sebäpleriniň derňelýändigini aýtdylar.