Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýa: ÝB täze serhedi dikeltmeli


Wengriýanyň premýer-ministri Ýewropa Bileleşigi migrantlary durumak üçin Gresiýanyň demirgazyk serhedinde “goranyş liniýasy” hökmünde täze serhedi dikeltmeli diýdi.

Berk anti-migrant duruşy bilen tanalýan Wiktor Orbanyň 8-nji ýanwarda aýtmagyna görä, ýakynda Türkiýe bilen baglaşylan ylalaşyk ýüz müňlerçe migrantyň Ýewropa gelmegini togtatmaga ýeterlik bolmaz.

Geçen ýyl Wengriýa migrantlaryň we başpena soraýanlaryň ýurda gelmeginiň öňüni almak üçin özüniň günorta serhetlerine germewleri ýerleşdirdi.

Ilkibada bu germewler Wengriýanyň Ýewropa Bileleşigindäki partnýorlary tarapyndan tankyt edildi. Emma şondan soň, Sloweniýa we Awstriýa ýaly käbir ýurtlar hem öz serhetlerinde barýerleri dikeltdiler.

“Türkiýäniň öz serhedinde goranyş liniýasyny döretmek barada wada bermegi gowy zat, emma biz Gresiýanyň demirgazyk serhedinde öz serişdelerimiz bilen özümiziň goranyş liniýamyzy gurmaly we migrantlaryň [bileleşige] gelmeginiň öňüni almaly” diýip, Orban belledi.

XS
SM
MD
LG