Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan: Yrakda türk goşuny zerur


 Rejep Taýyp Erdogan
Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkiýä demirgazyk Yrakda goşun saklamagyň gerekdigini aýtdy, ol bu zerurlygy şu hepde “Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň ol ýerdäki tälim beriş merkezine planlaşdyran hüjümleriniň öňüniň alynmagy bilen düşündirdi.

Yrak 8-nji ýanwarda boldy diýilýän wakany ret edýär, ýöne bu täzelik geçen aý, Türkiýäniň demirgazyk Yrakdaky Başiganyň golaýynda ýerleşdiren 150 çemesi esgeri üstünde Bagdat bilen Ankaranyň arasynda turan dawany täzelýär.

Ankara bu goşun birikmesiniň «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşýän yraklylara tälim berýän türk esgerleriniň goragy üçin eltilendigini aýdypdy.

Erdogan Stambulda žurnalistlere Türkiýäniň Başiga sokuljak bolan YD söweşijileriniň 18-sini öldürendigini gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG