Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ýangynynda bäş çaga öldi


Orsýetden gelýän habarlarda Tatarystanyň Leningorsk regionynda bolan ýangynda bir aýalyň we 5 çaganyň ölendigi aýdylýar.

9-njy ýanwardaky ýangyn Staryý Kuwak şäheriniň bir agaç jaýynda irden bolupdyr.

Resmi beýanatlarda pidalaryň özara gatnaşyklary anyklaşdyrylmaýar, emma metbugat habarlarynda ölenleriň ene bilen onuň 5 çagasydygy aýdylýar.

Çagalaryň kakasy agyr ýanyk ýaralary bilen aman galypdyr, maşgalanyň altynjy ogly şol gije garyndaşlarynda galan eken.

XS
SM
MD
LG