Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

126 zamun azat edildi


Azyndan 20 adam öldi.
Azyndan 20 adam öldi.

Burkina Fasonyň paýtagtynda güman edilýän «Al-Kaýda» jeňçileri tarapyndan gabawa salnan kaşaň myhmanhanada zamun alnan 126 adam halas edildi.

Häkimiýetler 16-njy ýanwarda Burkina Fasonyň we fransuz güýçleriniň dört ýyldyzly Splendid myhmanhanasyny we onuň ýanyndaky kafeni öz kontrollygyna alandyklaryny aýtdylar.

Günbatar Afrika döwletiniň howpsuzlyk güýçleri üç sany ýaragly adamy öldürdiler we golaýdaky otellerde gizlenýän bolmasynlar diýip, jeňçileriň gözlegi dowam edýär.

15-nji ýanwar güni giçlik ýaragly erkekler otele we kafe zabt edende, azyndan 20 adam öldürildi, 33 adam bolsa ýaralandy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini yslamçy Magrebdäki «Al-Kaýda» öz üstüne aldy.

Esasan musulman ýurdy bolan Burkina Faso, 2014-nji ýylyň aýagynda uzak wagtlyk prezidenti halk gozgalaňlary esasynda agdarylandan soň, gowga uçrady.

XS
SM
MD
LG