Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jalalabatda 13 adam öldürildi


Owgan resmileri janyndan geçen bombaçynyň ýerli syýasatçynyň öýüne eden hüjümi netijesinde azyndan 13 adamyň ölendigini, 14 adamy bolsa ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Bu waka gündogardaky Jalalabat şäherinde, Nangarhar welaýatynyň paýtagtynda bolupdyr.

Hökümet sözçüsi bombaçynyň 17-nji ýanwar güni irden Obaýdullah Şinwarnyň öýünde, onuň doganynyň «Talyban» ýesirliginden boşadylmagyny gutlamak üçin köp adam gelen mahaly özüni partladandygyny aýtdy.

Partlamada syýasatçynyň ýesirlikden boşan dogany we Şinwarynyň kakasy ýaralandy diýip, Nangarharyň welaýat hökümetiniň sözçüsi Ataullah Hogýani aýtdy.

Şinwarynyň özüne zat bolmandyr, emma sözçi ölenleriň köpelmeginiň ahmaldygyny, sebäbi ol ýerde adamyň köp bolandygyny aýdýar.

"Talyban" özüniň bu hüjüme dahylsyzdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG