Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanlar protest bildirdi


Moldowan paýtagtynda müňlerçe adam proteste çykdy.
Moldowan paýtagtynda müňlerçe adam proteste çykdy.

Moldowan paýtagtynda, syýasy krizisiň dowam etmegi bilen, müňlerçe adam proteste çykdy.

Kişinýewde 16-njy ýanwarda bolan protestleriň ikisi orsýetçi partiýalar, üçünjisi bolsa «Mertebe we hakykat» atly anti-korrupsiýa graždan guramasy tarapyndan guraldy.

Protestler prezident Nikolaý Timoftiniň 15-nji ýanwarda tehnologiýa ministri Pawel Filipi ýurduň premýer-ministrligine hödürlemeginiň yzysüre guraldy.

Filip parlament ses berişliginde goldaw alar öýdülýär. Ol Demokratik partiýanyň agzasy bolup, gapma-garşylykly oligarh Wlad Plahotniuk bilen ýakyn gatnaşykda durýar.

XS
SM
MD
LG