Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grozny: Kadyrowy goldap ýöriş geçirildi


Hökümete goldaw bildirmek boýunça ýöriş, Grozny, 22-nji ýanwar, 2016
Hökümete goldaw bildirmek boýunça ýöriş, Grozny, 22-nji ýanwar, 2016

Çeçenistanyň paýtagty Groznyda demonstrantlaryň uly topary jemlenip, Kreml tarapyndan goldanýan çeçen lideri Ramzan Kadyrowa goldaw bildirdiler.

Çeçenistanyň Içeri işler ministrligi 22-nji ýanwarda geçirilen ýörişe bir million adamyň gatnaşandygyny habar berdi. Gatnaşanlaryň köpüsi Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň syýasatyny makullaýjy şygarlary öňe sürdüler.

Hepdäniň başynda peýda bolan maglumatlarda Çeçenistanda hökümetiň ýörişe gatnaşdyrmak üçin döwlet işgärlerini toplaýandygy barada habar berlipdi.

Demonstrantlaryň käbirleri Putiniň tankytçylaryny “dönükler”, “bäşinji kolonna” we “Orsýetiň masgaraçylygy” diýip atlandyrýan plakatlary tutup durdular.

Bu ýöriş Kadyrowyň oppozision aktiwistleri “ halk duşmanlary” diýip köpçülikleýin atlandyrmagyndan 10 gün yzýany gurnaldy.

Orsýetiň oppozision toparlary, “Amnesty International” guramasy we “Žurnalistleri goraýjy komitet” Kremliň Kadyrowyň çykyşyna “talaba laýyk” reaksiýa bildirmegini talap etdiler.

Kadyrow adam hukuklaryny gödek depelemekde we syýasy garşydaşlaryna Orsýetde hem ýurduň daşynda kast etmekde aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG