Rus goşuny şu ýyl Pakistanyň goşuny bilen, öz komandiriniň sözleri bilen aýdylsa, özüniň ilkinji «dag türgenleşiklerini» geçirer.
«Daglyk ýerdäki ýörite maşklar» Orsýetiň gury ýer goşunlarynyň 2016-njy ýylda geçirjek ýedi halkara türgenleşiginiň diňe bir diýip, general Oleg Salýukow 22-nji ýanwarda aýtdy.
Ol bu türgenleşigiň nirede we haçan geçiriljegini aýtmady.
Salýukow Orsýetiň Hindistan, Mongoliýa we Wetnam, şeýle-de iki regional gurama – Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy we Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy bilen-de türgenleşik geçirjekdigini aýtdy.