Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankara: Rus uçary serhedi bozdy


 Rus Su-25-leri
Rus Su-25-leri

Türkiýäniň daşary işler ministrligi, 29-njy ýanwarda rus uçary türk howa giňişligine gireninden soň, Orsýetiň ilçisini çagyrandygyny aýdýar.

Ministrligiň 30-njy ýanwardaky beýanatynda Orsýetiň SU-34 uçarynyň, rus hem iňlis dillerinde berlen birnäçe duýduryşa garamazdan, türk howa giňişligine girendigi aýdylýar.

Ankara Türkiýedäki rus ilçisini çagyryp, bu düzgün bozulmasyna berk protest bildirdi we ony ýazgardy diýip, beýanatda aýdylýar.

Ministrlik Orsýeti iki ýurduň arasyndaky dartgynlyklary ýokarlandyrmakda aýyplady we bu ýagdaý bilen bagly netijelere Orsýetiň jogapkär boljakdygyny duýdurdy.

XS
SM
MD
LG