ABŞ-nyň howa zarbalary gündogar Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň dolandyrýan radiostansiýasyny sandan çykardy.
Amerikan we owgan resmileriniň 2-nji fewralda aýtmaklaryna görä, “Halifatyň sesi” atly radio Pakistan bilen serhediň golaýynda howadan urlan iki zarbanyň netijesinde ýok edildi.
Nangarhar welaýatynyň häkiminiň metbugat-wekili Attaullah Khogyaniniň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, “Yslam döwleti” (YD) toparynyň 29 agzasy hem zarbanyň netijesinde öldürilipdir. Şeýle-de ol hüjümiň netijesinde radionyň bäş işgäriniň we websaýtda işlän üç adamyň öldürilendigini habar berdi.
ABŞ-nyň goşunynyň polkownigi, ABŞ-nyň we NATO-nyň Owganystandaky missiýasynyň metbugat-wekili Mike Lawhorn öz beýannamasynda ABŞ-nyň güýçleriniň regionyň Arçin etrabynda 1-nji fewralda agşam terrora garşy iki howa hüjümini amala aşyrandygyny habar berdi.
Owganystanyň Pakistan bilen serhetdeş etraplarynyň ençemesinde YD toparynyň söweşijileri ýerleşýär.
2015-nji ýylyň aýagynda döredilen “Halifatyň sesi” radiosy soňky ençeme hepdäniň dowamynda Nangarhar welaýatyndan “Yslam döwleti” toparynyň ekstremistik maglumatlaryny ýaýradýardy.
Şeýle-de radiostansiýa söweşijileri hakyna tutmak we žurnalistlere haýbat atmak üçin hem ulanylypdy.