Ukrainanyň ykdysadyýet ministri Aiwaras Abromawiçius iri ykdysady reformalaryň böwetlenmeginden nägilelik bildirip wezipesinden çekildi.
“Şu gün men Ukrainanyň ykdysady ösüş we söwda ministri wezipesinden çekilmek kararyna geldim”, diýip asly litwaly Abromawiçius 3-nji fewralda Kiýewde žurnalistlere aýtdy.
Abromawiçius we Ukrainanyň maliýe ministri asly ABŞ-dan Natalie Jaresko 2014-nji ýylyň dekabr aýynda prezident Petro Poroşenkonyň ýurduň ykdysadyýetini galdyrmak boýunça tagallalaryň çäginde hökümete täze adamlary getirmek üçin bellenipdi.
ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçisi Geoffrey Pyatt 3-nji fewralda eden çykyşynda Abromawiçiusy Ukrainanyň hökümetiniň reformalarynyň çempionlarynyň biri diýip atlandyrdy.
Abromawiçiusyň wezipesinden çekilmegi parlamentde Poroşenkonyň hökümetinden nägilelikleriň güýçlenen wagtyna gabat geldi.