Aşgabadyň jemgyýetçilik awtobuslarynyň oturgyç daşlarynyň sypyrlyp, tutawaçlarynyň opurlyp başlandygyny görse bolýar. Azatlyk Radiosy bu barada fotosergi taýýarlady.
Aşgabat: 'Idegsiz' awtobuslar

1
Aşgabatda hereket edýän jemgyýetçilik transport awtobuslarynyň satyn alnyp, ýola goýlanyna 8 ýyl çemesi wagtyň bolandygy habar berilýär.

2
Emma muňa garamazdan, awtobuslardaky oturgyç daşlarynyň sypyrlyp, tutawaçlaryň opurlyp başlandygyny görse bolýar.

3
Paýtagtlylaryň käbirleri 2007-2008-nji ýyllarda Günorta Koreýadan getirlendigi aýdylýan bu awtobuslara ýeterlik derejede üns berilmeýändigini aýdýarlar.

4
"Sürçegi çykan" oturgyçlar.