Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet gepleşikleri bökdemekde aýyplandy


Birleşen Ştatlar we Fransiýa Orsýeti we Siriýanyň režimini, hatda gepleşikler mahalynda-da oppozisiýanyň garamagyndaky pozisiýalary yzyna almak üçin dyngysyz kampaniýa geçirmek bilen, parahatçylygy petige diretmekde aýyplady.

Ženewada 1-nji we 2-nji fewralda aralary kesilip geçirilen iki günlük gepleşikler mahalynda, Siriýanyň gury ýer goşunlary, rus howa zarbalarynyň goldawy astynda, Aleppoda we Siriýanyň demirgazygynda, pitneçileriň elindäki ýerleri yzyna almak üçin, ýygjam kampaniýa alyp bardylar.

Olar 3-nji fewralda gozgalaňçylaryň Türkiýeden gelýän üpjünçilik liniýasyny kesmegi başardylar.

Gepleşikler mahalynda hem gowşadylmadyk kampaniýa iň uly oppozision koalisiýanyň gepleşiklere doly goşulmazlygynyň sebäbi hökmünde sitirlendi we BMG-niň Siriýa boýunça wekili gepleşikleriň 3-nji fewralda togtadylmagynyň sebäbiniň esasan "harby aktiwlikler» bilen baglydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG