Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon suratlary tussag gynalyşyny görkezýär


Yrak türmesinde düşürilen surat
Yrak türmesinde düşürilen surat

Pentagon 5-nji fewralda Yragyň we Owganystanyň türmelerinde tussaglara ýowuz daralyşyny görkezýän 198 fotosuraty çap etdi.

Pentagon bu fotosuratlaryň amerikan işgärlerine ýöňkelýän 56 sany nädogry çemeleşmäniň derňewi bilen baglydygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, aýyplamalaryň 14-si esasly tapylypdyr we ABŞ-nyň 65 gullukçysyna tertip-düzgün çäresi, şol sanda ömürlik tussaglyga çenli çäre görlüpdir.

Amerikan Raýat azatlyklary birleşigi we Maglumat azatlygy akty on ýyl mundan öň bu suratlaryň jemgyýetçilige aýan edilmegi üçin suda ýüz tutdy.

Aýdylmagyna görä, bu suratlar türmedäki eden-etdilikleri görkezýän 2 müň çemesi fotosuratyň bir bölegi bolup, olaryň köpüsi çap edilmän saklanylýar.

XS
SM
MD
LG