Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet NATO jogap berjekdigini aýdýar


Orsýetiň NATO-daky ilçisi Aleksandr Gruşko
Orsýetiň NATO-daky ilçisi Aleksandr Gruşko

Orsýetiň NATO-daky ilçisi bileleşigiň Orsýetiň serhetleriniň golaýynda goşun toplamagyna Moskwanyň jogap berjekdigini duýdurdy.

“NATO-nyň biziň serhetlerimizde alyp barýan şol taýýarlyklarynyň harby-tehniki taýdan jogapsyz galmajagyna her kimiň düşünýändigine men ygtybarly” diýip Aleksandr Gruşko “Rossiýa 24” telewideniýesine 8-nji fewralda aýytdy.

Gruşko “Orsýetiň öz howpsuzlyk bähbitlerinde barlyşyk etmejegini” nygtady, emma Kremliň amala aşyryp biljek ädimlerini agzamady.

Orsýetiň we Günbataryň arasyndaky gatnaşyklar Ukrainadaky krizis bilen baglylykda ýaramazlaşan wgatynda ABŞ we onuň NATO boýunça ýaranlary merkezi we gündogar Ýewropada goşmaça ýarag ýerleşdirýärler we türgenleşik geçirýärler.

Pentagon ýakynda Orsýeti saklamak üçin öz goşunyna we Ýewropadaky türgenleşiklere çykdajylaryny dört esse artdyrmagy teklip etdi.

Moskwa öz golaýynda NATO-nyň hereketlerini ýazgarýar we muňa öz howpsuzlygyna wehim hökmünde seredýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG