Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň goşuny Ramadiniň töwereklerini eýeledi


Yragyň hökümet güýçleri, Ramadi, 8-nji fewral, 2016.

Yragyň güýçleri Ramadi şäheriniň daşyndaky giňişlikleri “Yslam döwleti” toparynyň elinden basyp alandyklaryny aýdýarlar.

Harbylaryň 9-njy fewralda aýtmaklaryna görä, goşun, polisiýa we terrorçylygagarşy güýçler Ramadini Habbaniýa bazasy bilen baglaýan ýoly açypdyrlar.

Bagdadyň golaýyndaky bu harby bazada ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler ýerleşýärler.

Yragyň resmileri Anbar welaýatynyň paýtagty Ramadiniň gaýdyp alnandygyny dekabr aýynda yglan edipdi. Emma şäheriň gündogar böleginde “Yslam döwleti” bilen söweşler dowam edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG