Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýada ýaraşygy maslahat etmäge taýýar


Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Gennadiý Gatilow
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Gennadiý Gatilow

Orsýet Siriýadaky krizis barada Germaniýada geçiriljek duşuşygyň öň ýanynda Siriýada ok-atyşygy ýatyrmak mümkinçiligi barada gepleşik geçirmäge taýýardygyny aýdýar.

Daşary işler ministriniň orunbasary Gennadiý Gatilow orsýet tarapynyň ýaraşygyň “mümkinçiliklerini” 11-nji fewralda Munhende geçiriljek gepleşiklerde maslahat etmäge taýýardygyny aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 17 ýurtdan ybarat Siriýanyň kontakt toparynyň maslahatyna ýolbaşçylyk ederler.

Siriýada parahatçylygy gazanmak ugrunda geçen hepdede Ženewada geçirilen gepleşikler Siriýanyň hökümet güýçleriniň Orsýetiň howa zarbalarynyň kömegi bilen Aleppo şäherinde amala aşyran hüjümlerine gabat gelip şowsuzlyga uçrady.

XS
SM
MD
LG