Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: ABŞ YD garşy hüjümlerini artdyrdy


ABŞ-nyň Howa güýçleriniň uçary, Owganystan
ABŞ-nyň Howa güýçleriniň uçary, Owganystan

Prezident Barak Obamanyň Owganystanda “Yslam döwleti” (YD) toparyna garşy göreşde ýolbaşçylara has uly ygtyýarlyk beriljegine kepil geçeli bäri, ABŞ bu ýurtda howa zarbalaryny ýaýbaňlandyrdy, diýip ABŞ-nyň harbylarynyň metbugat-wekili general Wilson Şoffner 11-nji fewralda aýtdy.

YD topary Owganystanda täze güýç bolup, “Talyban” toparyna wehim salýar. Obama bu toparyň global derejede ýaýbaňlanmagyna aladalanma bildirmek bilen ABŞ-nyň harbylaryna topara garşy göreşi güýçlendirmegi üçin has giň ygtyýarlyk beriljekdigini ýanwar aýynda aýtdy.

Resmiler soňky üç hepdäniň dowamynda ýurduň gündogar böleginde 20 çemesi zarbanyň urlandygyny aýtdy. Howa zarbalary Owganystanyň hem NATO-nyň bilelikdäki operasiýalary bilen bir wagtda-da amala aşyryldy.

Şoffner YD toparynyň Owganystanyň gündogarynda bir müňden üç müňe çenli agzasynyň bardygyny habar berdi. Geçen aýda NATO-nyň howa zarbalary “Yslam döwleti” toparynyň radiostansiýasyny sandan çykardy.

XS
SM
MD
LG