Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

OPEK resmileri Eýrana barýarlar


Dünýäniň nebit öndüriji iň uly ýurtlary Saud Arabystanynyň we Orsýetiň nebit önümçiligini doňdurmak barada eden teklibi 16-njy fewralda nebitiň bahasyny galdyrmady. Bu ýagdaý iri nebit öndüriji Eýranyň nebit önümçiligini çäklendirmäge razy boljagyna şübhe bildirilmegi bilen bagly bolmagy mümkin.

Nebiti eksport ediji ýurtlaryň OPEK guramasynyň agzalary Wenesuelanyň we Yragyň wekilleri 17-nji fewralda Tährana sapar edip, Eýranyň nebit ministri Bijan Zangane bilen gepleşik geçirýärler. OPEK Orsýetiň, Saud Arabystanynyň, Kataryň, Wenesuelanyň we Kuweýtiň nebit önümçiligini çäklendirmek barada yglan eden kararyna Eýranyň hem goşulmagyny isleýärler.

Emma Eýran ençeme ýyllap dowam eden ykdysady sanksiýalarynyň ýanwar aýynda ýatyrylmagyndan soň nebit önümçiligini iki esse artdyrjakdygyny yglan edipdi.

Maýa goýujylar önümçiligiň çäklendiriljegine ynam bildirmediler, netijede çig nebitiň Brent markasynyň bahasy 16-njy fewralda 3.6% pese gaçyp, barreliň bahasy 32.18 dollara ýetdi.

XS
SM
MD
LG