Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Sowet okkupasiýasynyň senesi bellenýär


Gyzyl goşun Tbilisini eýeleýär, 25-nji fewral, 1921
Gyzyl goşun Tbilisini eýeleýär, 25-nji fewral, 1921

Gürjüstan 25-nji fewralda sowet okkupasiýasynyň ýyl dönümini belleýär. 95 ýyl mundan ozal ýurt sowet goşuny tarapyndan eýelenipdi.

Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside we beýleki şäherlerde sergiler, teatr sahnalary we konsertler ýaly ýörite çäreler geçirilýär.

Hökümet resmileri we baş kanun çykaryjylar 1921-nji ýylyň 17-nji fewralynda başlanan we dört günden soň sowet goşunynyň ýeňişi bilen tamamlanan söweşlerde wepat bolan gürji kadetleriniň ýadygärligine gül goýdular.

Bu kawkaz ýurdy 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaýança sowet häkimiýetiniň gözegçiliginde bolupdy.

Gürjüstan sowet okkupasiýasynyň ýyl dönümini milli sene hökmünde 2011-nji ýyldan bäri belläp gelýär.

XS
SM
MD
LG