Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yssykköl


Yssykköl
Yssykköl

Bu ömrümde iň belentlikde hem iň peslikde ýerleşen kölleri görmek nesip etdi. Bularyň ikisi-de dünýäniň merjeni saýylýar.

Owaly beýikden başlalyň.

Suw – gözellik täji

Týan-Şan daglaryndaky Yssykköl Güneý Alataw bilen Terskeý Alatawyň aralygyny bezeýär. Belentlikdäki iň uly dag kölleriniň biri saýylýan Yssykköl deňiz derejesinden 1608 metr ýokarda ýerleşýär.

Yssykköl
Yssykköl

Bu biziň sebitimizde häzire çenli asylky durkuny saklap gelýän ýeke-täk tebigy baýlyk hem gözellik. Onuň iki kenary görnüp dursa-da, suw basseýini örän uly bolup, Araldan, hatda onuň deňiz saýylan wagtdaky derejesinden-de iki esse köp suwy bar. Sebitde munuň taýy ýok.

Ol belent daglaryň ortasynda pöwrizeden ýasalan okara meňzäp, ýalbyrap otyr. Yssykköl asmanyň aýnasy. Bulutly, güneşli, aýly, ýyldyzly asmanyň şekili suwuň ýüzünde görünýär.

Gözellik

Mundan ýigrimi ýyl öňki görenim berk ýadymda. Ol şol gözelligini saklapdyr. Suwy öňki derejesinde tämiz hem arassa. Kölüň gözelligine töwerekdäki garly daglaryň haýbatly görnüşi-de goşulýar.

Daglardan inýän segsenden gowrak ululy-kiçili derýalar hem çeşmeler ony suwdan doldurýar. Kölüň başlangyjyna hem aýak ujuna ak gämi gatnaýar. Ol ýylyň tutuş dowamynda janly. Suwunyň doňmaýandygyny aýdýarlar. Sowuk gyşda guwlar şu kölüň ýylysyna meýmiräp, boýunlaryny süýndürip, rahat tapýarlar. Ynsan bolsa owaly onuň görkünden lezzet alýar.

Daglaryň üsti gar, aşakda bolsa tomus höküm sürýär. Asman reňkindäki gök suw ýuwaşja çyrpynýar. Ynsan gök syrçaly basseýn – emeli howuz döretmegi, meger, dag kölüniň mysalyndan öwrenen bolsa gerek.

Öňki hem häzirki köl

Kenar ýakalarynda mundan 20 ýyl öňki görnüş galmandyr. Pioner lagerleri, gyrgyz maşyn gurluşygy zawodynyň işçileriniň dynç alyş öýleri indi barjamly adamlaryň dynç alyş jaýlaryna öwrülipdir. Kenar ýakasy bölüşilip, jaýlaryň daşyna howly aýlap, gabatdaky kenara bolsa tor geripdirler. Şeýle-de bolsa, entek köli, aýratyn-da onuň suwuny bölüşmändirler.

Yssykköldäki balyklar.
Yssykköldäki balyklar.

​Suwa düşmäge, dynç almaga gelýänler üçin, myhmanhanalar, düşelgeler ýeterlik. Gelenlere hözirli bolar ýaly, suw ýakasynda dürli desgalar gurlupdyr.

Soňky ýyllarda kölüň suwunyň azalýandygy aýdylýar. Adamlaryň ykdysady-hojalyk talabynyň artmagy bilen köle gelýän suw kemelip başlapdyr.

Tebigat hem ynsan

Töwerekde, ýol ýakalarynda Týan-Şan ýolkasy ösüp otyr. Bu täsin hem aşa owadan daragt, megerem, tebigatyň döreden soneti bolsa gerek.

Merkezi Aziýada tebigatyň iň arassa künjegi şu ýerlerde saklanýar diýseň boljak. Gyrgyzlar tebigatyň asylky durkuna zyýan ýetirmezlige çalyşýarlar. Bu olaryň gadymdan gelýän däbi.

Yssykköl
Yssykköl

Gyrgyz çarwa halk bolansoň, ösüp oturan agajy mukaddeslik saýypdyr. Agajy çapmakdan, şahalaryny döwmekden gorkupdyrlar. Eger şeýle etseler, tebigat, ýagny agaç özlerinden ýowuz ar alar diýen düşünje bolupdyr. Sebäbi çarwanyň jany tebigat bilen. Tebigat gazabyna tutanda, adamyň ömrüne ýygnanyny sähel salymda ýok edip bilýär. Şonuň üçin olar her bir agaçda gudratyň bardygyna, şol gudraty ýok etseler, öz rysgalyny hem özlerini ýok etmek bolýandygyna düşünipdirler.

Ýeri gelende aýtsak, tebigata zyýan ýetirmezlik düşünjesi ir zaman türkmenlerde-de bar ekeni. Meselem, çynaryň biline palta salyp biljek türkmen bolmasa gerek. Eger ýeke oturan bolsa, toraňňy, ýylgyn ýaly käbir ýabany agaçlara-da degilmeýär. Ýöne beýleki agaçlary; aýratyn-da kerkawy, arçany, derekleri, tallary dözümsiz çapýarlar. Bizde hatda: ,,Gerek deregi ýykar” diýen nakyl döräpdir. Diýmek, geregi çykýarmy, onda deregi ýykyber diýen düşünje bar.

Adamlar hususy bähbidi üçin, tebigata ýowuz daraşypdyr. Şeýdip, derýa boýlary, dag etekleri çaňap ýatan boşluga öwrülipdir.

Merkezi Aziýanyň aşak çetinden başlanan ekologiki heläkçilik kem-kemden günorta; ýokarlygyna, daglara tarap süýşýär. Bu ýerde hem müdimi doňaklyklar çözülýär, üstünden ýyl aşýan garlar ereýär.

Häli-häzir ak garly, belent daglar öz ornunda otyr. Pöwrize reňkli Yssykköl ýere çöken asmana meňzeýär. Töwerekdäki daglar taýsyz gözelligi gorap duran ýaly. Gözellik goragsyz ýaşap bilmeýär ahyryn.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG