Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýi eýranlylary köpçülikleýin saýlawlara gatnaşmaga çagyrdy


Eýranyň ýokary ruhy lideri Aýatollah Ali Hameneýi.
Eýranyň ýokary ruhy lideri Aýatollah Ali Hameneýi.

Eýranyň ýokary ruhy lideri Aýatollah Ali Hameneýi 26-njy fewralda ýurtda saýlawlar üçin ses berişlikleriň başlan mahaly, eýranlylary köpçülikleýin saýlawlara gatnaşmaga çagyrdy.

“Men biziň halkymyz ir bilen ses berer diýip umyt edýärin... Olar öz dalaşgärlerini akyllylyk bilen saýlamalydyrlar... Köpçülikleýin saýlawlar Eýranyň duşmanlaryny lapykeç eder” diýip, Hameneýi ýurduň parlamenti we Ekspertler assambleýasy üçin saýlaw býulletenini oklandan soň aýtdy. Agzalýan assambleýanyň ýurduň ýokary ruhy liderini bellemäge we ony wezipesinden boşatmaga ygtyýary bardyr.

Şu ýylyň başynda Eýranyň dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen baglaşan möhüm ýadro ylalaşygy güýje gireni bäri, bu ýurtda geçirilýän ilkinji saýlawlardyr.

Bu ses berişiklere şol ylalaşyk we onuň amala aşmagynda rol oýnan Hassan Rohani barada geçirilýän referendum hökmünde garalýar.

Rohani öz saýlaw býulletenini oklandan soň, halkyň köpçülikleýin saýlawlara gatnaşýandygy barada maglumatlaryň gelip gowşandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG