Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin “daşary ýurtly duşmanlardan” söz açdy


Rus prezidenti Wladimir Putin
Rus prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Günbatar döwletleriniň şu ýyl güýz geçiriljek parlament saýlawlaryna gatyşmak üçin taýýarlyk görýändiklerini aýtdy.

Putin “daşary ýurtly duşmanlar” diýip atlandyran taraplaryň “saýlawlara taýýarlyk görýändiklerini” öňe sürdi.

Şeýle-de Putin Russiýanyň saýlawlaryna we içererki işlerine gatyşmak synanyşyklarynyň ýurduň “özygtyýarlygyna edilýän howp” hökmünde häsiýetlendiriljekdigini hem sözüne goşdy.

Putin daşary ýurt gizlin gulluklarynyň “soňky döwür Russiýadaky hereketlerini ýaýbaňlandyrýandyklaryny” hem aýdyp, ýurduň FSB gullugyna “gizlin maglumatlary goramak” ugrunda tagalla etmäge çagyrdy.

Synçylaryň bellemegine görä, Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri sebäpli Moskwa garşy girizilen sanksiýalardan soň, Kreml Günbatara garşy edýän çykyşlaryny has güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG