Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti aýallara pul sowgadyny berer


Türkmen gyzlary Gurbanguly Berdymuhamedowyň kitabyny okaýarlar
Türkmen gyzlary Gurbanguly Berdymuhamedowyň kitabyny okaýarlar

Türkmenistanda prezidentiň adyndan zenanlara 40 manat möçberinde pul sowgady gowşurylar.

Resmi maglumata görä, Halkara zenanlar güni sebäpli beriljek pul sowgady 1-nji we 5-nji mart aralygynda işleýän we okaýan zenanlara, pensiýany we döwlet kömegini alýan aýallara, şeýle-de studentlere, mekdep okuwçylaryna we çagalar baglaryna gatnaýan gyz çagalara beriler.

Türkmenistanda döwlet baştutanynyň adyndan aýal-gyzlara pul sowgadyny paýlamak däbi ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe başlanypdy. Prezidentiň permany bilen 2002-nji ýyldan başlap, 21-22-nji martda bellenen aýallar güni sebäpli aýal-gyzlara 200 manat, ýagny 40 amerikan dollary möçberde pul paýlanýardy.

2008-nji ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda halkara aýallar gününiň 8-nji martda bellenmegini dikeltdi.

XS
SM
MD
LG