Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çaganyň kesilen kellesini bulaýlan zenan sud zalyna äkidildi


Özbek zenany.
Özbek zenany.

Moskwanyň metro stansiýasynyň daşynda çaganyň kesilen kellesini bulaýlap görkezen mahaly wideo düşürilen özbek zenany bu tisgindiriji hereketi amala aşyrmagy özüne “Allanyň buýurandygyny” aýtdy.

Bu barada Gülçehre Bobokulowa 2-nji martda Moskwanyň sud zalyna girip barýan mahaly mälim etdi.

Şeýle-de, Bobokulowa habarçylara beren maglumatynda özüniň işe alnan ýerinde dört ýaşyndaky çagany öldürendigini hem kabul edýändigini aýtdy.

2-nji martda Moskwanyň Presnenskiý etrap sudy öňüni alyş çäresi hökmünde Bobokulowanyň iki aý tussaghanada saklanylmalydygy barada karar çykardy.

Häkimiýetler Bobokulowanyň psihiki näsazlykdan ejir çekýändigini we onuň barlaglardan geçiriljekdigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG