Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan: Partlamada ABŞ konsulhanasynyň iki işgäri öldi


ABŞ-nyň Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäherindäki konsulhanasynyň golaýynda amala aşyrylan partlamada, konsulhananyň pakistanly iki işgäri öldi. Bu barada ABŞ resmileri mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri partlamada pakistanly esgerleriň hem heläk bolandygyny aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini, “Pakistanyň Talyban” hereketinden bölünen “Jamatul Ahrar” topary öz üstüne aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG