Sepleriň elýeterliligi

E-maili döreden Tomlinson aradan çykdy


Raý Tomlinson (Ray Tomlinson).

Elektronik poçta ulgamyny döretdi diýlip hasaplanýan Raý Tomlinson (Ray Tomlinson) 74 ýaşynda aradan çykdy.

Birleşen Ştatlaryň kompýuter hünärmeni Tomlinsonyň 5-nji martda ýürek näsazlygyndan heläk bolandygy habar berilýär.

1971-nji ýylda Tomlinson bir adamdan başga bir adama email ugratmak ulgamyny döredýänçä, anyk bir şahsdan başga birine maglumat ugradyp bolmaýardy.

Tomlinson, häzirki wagtda e-mail diýlip hasaplanylýan elektron maglumaty ilkinji gezek ugradan adamdyr. Ol şol döwür “Bolt, Beranek we Newman” firmasynda inžener wezipesinde işleýärdi.

XS
SM
MD
LG