Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Hüjümde ölenleriň sany 17-ä ýetdi


Pakistandaky etrap suduna edilen hüjümiň ýeri.

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky etrap sudunyň girelgesine edilen janyndan geçeniň hüjüminde ölenleriň sany 17-ä ýetdi.

7-nji martda Çarsadda etrabynyň Şabkadar şäherçesindäki hüjümde ölenleriň arasynda iki erkek we bir zenan polisiýa ofiseri, şeýle-de bir çaga bar.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, wakada ýaralanan 20-den gowrak adamyň alty sanysy keselhanada aradan çykansoň, ölenleriň sany artdypdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini Pakistanyň “Talyban” hereketi bilen ilteşikli topar öz üstüne aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG