Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet raketa garşy sistemasyny Eýrana şu ýyl berer


Orsýetiň “Rostek” senagat kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Çemezow
Orsýetiň “Rostek” senagat kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Çemezow

Orsýet raketadan goranyş S-300 kysymly sistemalarynyň birinji böleginiň Eýrana şu ýylyň awgust ýa-da sentýabr aýlarynda beriljekdigini aýtdy.

Orsýetiň “Rostek” senagat kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Çemezowyň bu çykyşy agzalan ylalaşygyň kynçylyklara uçrandygy baradaky çaklamalaryň peýda bolan wagtynda edildi.

Orsýetiň ady agzalmadyk resmisiniň 9-njy martda “Kommersant” gazetine aýtmagyna görä, töleg bilen bagly mesele ýüze çykypdyr.

Orsýet gündeligi geçen ýylyň noýabr aýynda baglaşylan şertnamada Eýranyň 1 milliard dollar tölemeginiň we puluň ilkinji böleginiň fewral aýynda edilmeginiň göz öňünde tutulandygyny belledi. Munuň öňüsyrasynda Moskwanyň Eýrana raketa bermegini togtatmak kararyna gelendigi barada maglumatlar metbugatda peýda boldy.

Ysraýyl we ABŞ raketalaryň Eýranyň ýadro kärhanalaryny howa hüjümlerden goramak üçin ulanylmagyndan howatyrlanma bildirýärler.

XS
SM
MD
LG