Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan çagalaryň goragyny berkidýär


Pakistan, Kainat Soomro, zorlukdan aman galan zenan.
Pakistan, Kainat Soomro, zorlukdan aman galan zenan.

Pakistanyň senaty çagalaryň jynsy zorlugyny, çaga gaçakçylygyny we pornografiýany jenaýatlaşdyrýan kanun taslamasyny ilkinji gezek kabul etdi.

Jenaýat kodeksine girizilýän düzediş prezident gol çekeninden soň güýje girer.

Bu kanun esasynda jynsy hüjümler üçin ýedi ýyla çenli türme tussaglygynyň beriljekdigi aýdylýar. Mundan ozal diňe adam zorlanmagy bikanun iş hasaplanýardy.

Ozal kanunda agzalmadyk çaga pornografiýasy üçin hem indi ýedi ýyla çenli türme tussaglygy bilen 7000 dollar jerime salnar.

Awgust aýynda Pakistanda, Panjap welaýatyndaky Hussaýn Hanwala obasyndan ýüzlerçe pornografiýa wideosynyň ýaýradylmagy bilen, uly pedofil galmagaly turdy. Şonda 20 çemesi adam tussag edildi.

Emma ol mahal diňe adam zorlamak we beçebazlyk bikanundy.

Şeýle-de täze kanun düzedişi Pakistanyň içinde çaga gaçakçylygyny jenaýat hasaplaýar. Ozal çagalaryň diňe ýurtdan bikanun çykarylandygy üçin jeza berilýärdi.

XS
SM
MD
LG