Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp agyr ýeňlişe uçraýar


D.Trampyň goldawçylary bilen protestçileriň arasynda çaknyşyk boldy. 12-nji mart, 2016, Kleveland, Ohio.
D.Trampyň goldawçylary bilen protestçileriň arasynda çaknyşyk boldy. 12-nji mart, 2016, Kleveland, Ohio.

ABŞ-nyň respublikan prezidentlige kandidaty Donald Tramp 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlarynda respublikanlaryň esasy kandidaty bolmak ugrundaky ses berişligiň soňky tapgyrynda agyr ýeňlişe sezewar boldy.

Ses berişlikde öňde barýan milliarder, gozganmaýan emläk tütjary 12-nji martda Waşington Kolumbiýa okrugynda hem, Wyoming ştatynda hem ýeňlişe sezewar boldy.

Florida senatory Marko Rubio ony amerikan paýtagtynda, Trampyň 13.8 prosent goldaw bilen üçünji bolan ýerinde aňsatlyk bilen ýeňdi.

Waşington aglaba demokratlaryň şäheri we hasaba alnan saýlawçylaryň diňe alty prosenti respublikan bolup durýar.

Günbatardaky Wyoming ştatynda Tehsasyň Senatory Ted Kruz Trampy sesleri 66.3 prosentini almak bilen tozana gardy. Rubio bu ses berişlikde sesleriň 19.5 prosentini gazandy. Tramp bolsa üçünji bolup, bary-ýogy 7.2 prosent ses aldy.

XS
SM
MD
LG