Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Atletika ýaryşyna orsýetliler gatnaşmaýar


Orsýetiň atletika boýunça toparynyň ýolbaşçysy Ýuriý Borzakowskiý, Moskwa, 24-nji fewral, 2016
Orsýetiň atletika boýunça toparynyň ýolbaşçysy Ýuriý Borzakowskiý, Moskwa, 24-nji fewral, 2016

ABŞ-nyň Portland şäherinde ýapyk binalaryň içinde geçirilýän atletika boýunça çempionat doping krizisi bilen baglylykda orsýetlileriň gatnaşmazlygynda açyldy.

Keniýa we Efiopiýa bilen bilelikde ýeňil atletika boýunça iň üstünlikli ýurt hasaplanýan Orsýet bilen bagly doping dawalar 17-nji we 20-nji martda 150 ýurduň 600 çemesi sportsmeniniň gatnaşmagynda geçiriljek ýaryşa uly täsir ýetirer.

Sportda öňde baryjy güýç bolmak ugrunda adatça ABŞ bilen bäsdeş bolan Orsýet dopingi döwlet derejesinde goldamakda aýyplanyp geçen ýylda Atletika boýunça halkara federasiýasy tarapyndan we Dünýäniň dopinge garşy agentligi tarapyndan halkara ýaryşlaryna gatnaşmakdan mahrum edildi.

Orsýetiň sport ministri Witaliý Mutko Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen 16-njy martda geçirilen duşuşygynda Orsýetiň maý aýynda 2016-njy ýylyň Rioda geçiriljek olimpiýa oýunlarynda dikelip biljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG