Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brusselde migrant krizisi maslahat edilýär


Ýewropa Komissiýasynyň edarasy, Brussel
Ýewropa Komissiýasynyň edarasy, Brussel

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) we Türkiýäniň liderleri 17-nji we 18-nji martda geçirýän duşuşyklarynda Egeý deňziniň üstünden Gresiýa müňlerçe migrantyň geçmeginiň öňüni almak meselesini maslahat ederler.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Donald Tusk migrant krizisi boýunça Brusselde geçirilýän iki günlük sammitiň dowamynda ylalaşyk gazanmak üçin “ýene köp işiň edilmelidigini” duýdurdy.

ÝB-niň liderleriniň maslahat edýän plany Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglunyň 10 gün öň teklip eden çäresini, ýagny Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýeden has köp migranty kabul eden ýagdaýynda Türkiýäniň Gresiýa geçen migrantlary yzyna gaýdyp almagyny öz içine alýar.

Emma bu çäre Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine goşulmagy boýunça gepleşikleriniň daşyndaky dawa sebäpli ret edildi. Hususan-da Türkiýäniň we Kipriň arasynda uzak wagt bäri dowam edýän dawa Ankaranyň Türkiýäniň deňiz portlaryny we aeroportlaryny ÝB-niň beýleki agzalary ýaly Kipr üçin hem elýeterli etmekden ýüz öwürdi.

XS
SM
MD
LG