Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR Moskwa býurosyna garşy basyş taktikalaryny ýazgarýar


Radio Svobodanyň logosy
Radio Svobodanyň logosy

Anna güni agşam, 18-nji martda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Moskwadaky ofisiniň başlygynyň ýanyna, öýüniň ýanynda, iki sany erkek geldi.

Olar özlerini Orsýetiň NTV telekanalynyň žurnalistleri diýip tanatdylar we Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň «öňki hyzmatdaşlaryndan» alan maslahatlary esasynda maglumat gözleýändiklerini aýtdylar.

Ol erkekler, biri wideokameraly, ondan gaýta-gaýta öz girdejisi we, olaryň biriniň aýtmagyna görä, Moskwanyň içindäki we töweregindäki emläkleri barada soradylar. Olar ony AÝ/AR-a degişli fondalary öz şahsy maksatlary üçin ulanmakda aýypladylar.

Nenad Pejiç, AÝ/AR-nyň baş redaktory muny «Gorkuzmagyň ýigrenji mysaly» diýip atlandyrdy we «Orsýetdäki häkimiýetler biziň žurnalistik işimiz we üstünligimiz sebäpli bize garşy iş taýýarlaýana çalym edýär» diýdi.

Gazprom medianyň eýeçiligindäki NTV Orsýetdäki garaşsyz žurnalistlere, oppozisiýadaky žurnalistlere, raýat jemgyýetiniň aktiwistlerine garşy wejeralamak kampaniýalaryny geçirmekde giňden tanalýar.

Bu hadysa Kremliň propagandaçysy Dmitriý Kiselýowyň geçen hepde Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň žurnalistlerini Orsýete garşy dil düwüşen içalylar hökmünde häsiýetlendirip efire beren telegepleşiginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Kiselýow ol gepleşik mahalynda ABŞ-nyň halkara tele-radiogepleşikleri barada bir dokumetnal filmiň basym taýýar boljakdygyny habar berdi.

AÝ/AR-nyň Rus gullugy, Radio Swoboda Moskwa býurosyndan we Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Pragadaky baş edarasyndan iş alyp barýar.

XS
SM
MD
LG